Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Le Drian Fransiýanyň Garabag konfliktini çözmek üçin tagalla edýändigini aýtdy


Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Drian, Tbilisi, 26-njy maý, 2018
Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Drian, Tbilisi, 26-njy maý, 2018

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Drian öz ýurdunyň Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Daglyk Garabagyň üstündäki konflikti çözmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

“Biz Garabag konfliktini çözmek ýoluny gözlemekde geljekki aýlarda has intensiw işlemegi umyt edýäris” diýip, Le Drian 27-nji maýda Bakuda azerbaýjanly kärdeşi bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy. Ol “Fransiýa regionda parahatçylygy we durnuklylygy isleýär” diýip belledi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarow özüniň Le Drian bilen garaşsyz diskussiýa edendigini aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministriniň Günorta Kawkaz regionyna edýän saparynyň çäginde 28-nji maýda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gepleşik geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG