Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan we Pakistan terrorizme garşy tagallalaryny güýçlendirýär


Pakistanly esger Owgansytan bilen serhede gözegçilik edýär.
Pakistanly esger Owgansytan bilen serhede gözegçilik edýär.

Owganystan we Pakistan arasyndaky dartgynlygyň artmagy bilen iki goňşy ýurduň ýokary derejeli harby we aňtaw resmileri terrorizme garşy göreşmekde bilelikde edilýän tagallalary güýçlendirmek boýunça ylalaşdylar diýip, Pakistanyň harbylary aýdýarlar.

Pakistan goşunynyň 28-nji maýda çykaran beýanatynda, bu ylalaşyga iki tarapyň arasynda 27-nji maýda Pakistanyň Rawalpendi şäherinde geçirilen gepleşiklerde gelnendigi bellenýär.

“Iki tarap iş toparlaryny düzmegi tizleşdirmek barada ylalaşdylar, aýratyn-da, ikitaraplaýyn howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlykda we terroristler tarapyndan bolýan zorlukly hereketleri çäklendirmekde özara peýdaly çäreleri ýola goýmak boýunça” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle hem şol ýerde bellenmegine görä, Pakistanyň goşun başlygy general Kamar Jawed Bajwa owgan wekiliýetine: “Biz hiç bir tarapyň beýlekiniň territoriýasyna göz dikmeýändigi, ne-de beýlekiniň garşysyna öz territoriýasyndan peýdanylmagyna ýol bermeýändigi hakdaky ynamdan ugur almaly” diýipdir.

Bajwa soňra hem: “Şek-şübhe diňe oňaýsyzlyk oduny ölçerip, töhmetçileriň işini aňsatlaşdyrar” diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.

Owganystanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky owgan delegasiýasyna ýurduň aňtaw gullugynyň başlygy Masoom Stanekzai bilen içieri işler ministri Wais Barmak-da gatnaşdylar.

Atmar Owganystan bilen Pakistanyň birek-birege edýän kömegi bilen “beýlekiniň aladalaryny köşeşdirip, parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda güýç birikdirip biljekdigini” belledi.

Gepleşikler Owganystan bilen Birleşen Ştatlaryň terroristlere garşy çäre görmek boýunça Pakistana edýän basyşyny artdyran mahalyna gabat gelýär.

Pakistan ýarym harby toparlara, şol sanda Owganystanyň “Talyban” jeňçilerine, şeýle hem Owganystanda hüjümleri amala aşyrýan Hakkaniniň toparyna pena berýänlikde aýyplanýar.

Owganystan bilen Pakistan resmileriniň iki ýurt arasyndaky dawaly serhet ýakasynda soňky aýlarda bolan gandöküşikli çaknyşyklar hakda hem pikir alyşmagyna garaşylýar.

Aprel aýynda serhet ýakasynda paksitanly ýarym harby güýçler bilen Owganystanyň serhet gulluklary arasynda çaknyşyk tutup, iki tarapdan-da birnäçe adam öldi.

Iki ýurduň aralygynda “Durant liniýasy” diýilýän 2500 kilometlik umumy serhet bar. Pakistan muňa halkara serhet diýip garasa, Owganystan 1893-nji ýylda çekilen koloniýal döwre degişli serheti ret edýär.

XS
SM
MD
LG