Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda azyk harytlarynyň tapdyrmaýan görnüşleri artýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň dükanlarynda we bazarlarynda azyk harytlarynyň görnüşleriniň azalyp, olaryň käbiriniň satuwda asla tapdyrmaýandygyny görse bolýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, soňky hepdede azyk harytlarynyň tapdyrmaýan görnüşlerine Türkmenistanyň guş toplumlarynda öndürilen towuk eti hem goşulupdyr. Mundan öň, ýaşaýjylar daşary döwletlerden getirilýän towuk etleriniň hem satuwda tapdyrmaýandygyny gürrüň beripdiler.

Soňky 4-5 günden bäri bolsa, Aşgabadyň 30-njy etrapçasynyň azyk dükanlarynda ozal bir ele berilýän bir gap “Ahal” ýagynyň, bir ele 1 kilogramdan berilýän şekeriň, bir ele 1 kilogramdan berilýän Türkmenistanda öndürilen birinji sortly unuň hem satuwa çykarylmaýandygyny bu etrapçanyň ýaşaýjylaryndan eşitse bolýar.

“Şeker satyn almak üçin ‘Altyn Asyr gündogar’ bazaryna gitmeli boldum. Ol ýerde şekeriň 1 kilogramyny 9 manatdan satyn aldym. 4 manat pulum hem ýol kireýine gitdi. Şunlukda, 1 kilogram şeker maňa 13 manada düşdi” diýip, Aşgabadyň 30-njy etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Aşgabadyň hususy dükanlarynda bolsa, şekeriň 1 kilogramynyň 15 manatdan satylýandygyny hem ýaşaýjy sözüne goşýar. Nobatlara durup, wagtymyzy ýitirsek-de, azyk dükanlarynda çäklendirme bilen berilýän şekere, una, “Ahal” ýagyna sarp edilýän pulumyz maşgala býujetine o diýen agram salmaýardy. Ujypsyz aýlygmyzy nämä ýetirjegimize aklymyz haýran. Indi döwlet bahasyndan döwlete degişli diýen önümleriň ady ýitip barýar” diýip, Aşgabadyň bazarlarynda mal etleriniň hem juda azalandygyny ýaşaýjy aýdýar.

Efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, sygyr etleri Aşgabadyň bazarlarynda ýitrim boldy diýen ýaly. Bazarlarda “sygyr eti” diýlip 18 manatdan baha ýazylyp goýulsa-da, 18 manatdan et satyn alyp bolmaýar. Sygyr eti diýlip satuwa çykarylýan etler bolsa düýäniň etleri. Alyjylaryň köpüsi bolsa, düýe etini sygyr etinden tapawutlandyryp bilmeýärler. Sygyr eti diýip, satyjylar kepil geçip eti çekip berýärler. Emma eti bişireniňde, onuň tagamyndan sygyr eti däldigini bilip, alyjylar aldawa düşendiklerine göz ýetirýärler.

Parahat-7 etrapçasynyň golaýynda gurlan “Bereketli” lomaý söwda bazarynyň et dükanlaryndan 1 kilogramyny 24 manatdan sygyr eti diýip satyn alan etiniň soňra düýe eti bolup çykandygyny etrabyň ýaşaýjysy gynanç bilen gürrüň berýär.

“Düýäniň etini asla halamaýaryn. Emma ony çig görnüşinde sygyr etinden tapawutlandyryp bilmeýärin. Et satyn almaga baran wagtyňda bolsa, satyjylardan sorasaň oraza aýydygyna hem seretmezden, satýan etiniň sygyr etidigine ant içip, alyjyny aldaýarlar. Alladan hem gorkmaýarlar, ilatdan hem utanmaýarlar. Pul gazansalar bolýar. Düýe etini satyn aljak bolsaň, ony 24 manatdan satyn almanyňda hem 18 manatdan paýa girip satyn alsaň bolýar. Emma paýa girseň, 15-20 kilogram eti birbada satyn almaly bolýarsyň. Beýle mukdardaky puly hem maşgalada jemläp bolmandan soňra 4-5 kilogram et satyn almak üçin bazarlaryň et dükanlaryna barmaly bolýarsyň. Bazarlaryň satyjylary bolsa, düýe etini göläniň eti diýip alyjyny aldap satýarlar. Hiç bir et dükanynda etleriň görnüşleriniň, atlarynyň ýazylan ýerinde düýe eti diýen ýazgy görünmeýär. Emma hakykatda, indi sygyr etleri satuwda tapdyrman, et dükanlaryna düýe etleri getirilýär” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Etleriň bahalarynyň 18 manatdan ýokary bolmaly däldigine gözegçilik edilse-de, düýe etini sygyr eti diýip, alyjyny aldap satylmagyna gözegçiler hem göz ýumýarlar diýip, edilýän bikanunçylyklardan ilatyň çekýän görgüleriniň yzynyň üzülmeýändigini, diňe ýalan bilen ýaşamaga mejbur bolýandyklaryny, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG