Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan, Pakistan Kaşmirde ýaraşygy dikeltmek barada ylalaşdy


Hindistanyň Serhet howpsuzlyk güýçleriniň agzalary
Hindistanyň Serhet howpsuzlyk güýçleriniň agzalary

Pakistanyň we Hindistanyň harbylary dawaly Kaşmir regionyny ikä bölýän Kontrol Çyzygynyň çäginde dartgynlylygy çäklendirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdylar. Şu ýylyň başyndan bäri iki goňşy ýurduň Kaşmirde amala aşyran ok atyşyklarynda onlarça parahat ýaşaýjy we esger öldi.

Bu özara düşünişmä harby operasiýalaryň baş generallarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýörite duşuşykda gelnip, bu barada 29-njy maýda giçlik iki ýurduň armiýasy hem birmeňzeş beýanatlary ýaýratdy. Pakistanyň “Dawn” gazeti wakany “deňi-taýy görülmedik” hereket diýip häsiýetlendirdi.

Pakistanyň we Hindistanyň armiýasynyň beýanatlarynda ýadro ýaragly iki bäsdeş ýurduň hem 2003-nji ýylda gelnen ýaraşyk ylalaşygyny doly berjaý etjekdigi aýdylýar.

1947-nji ýylda regionda britan häkimiýeti tamamlanandan soň, Kaşmir sebiti Hindistanyň we Pakistanyň arasynda ikä bölündi. Iki tarap hem bu sebitiň doly özlerine degişlidigini öňe sürýär.

Hindistan we Pakistan ok atyşygy bes etmek barada 2003-nji ýylda gelnen ylalaşygy yzygiderli bozmakda biri-birini aýyplaýar.

1947-nji ýyldan bäri Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Kaşmir sebiti bilen bagly iki gezek uruş boldy.

XS
SM
MD
LG