Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Orsýet MH17-niň urlup ýykylmagy bilen baglanyşykly tankyt edildi


Orsýet Ukrainanyň ýokarsynda MH17 belgili uçaryň urlup ýykylmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne almalydygy barada Birleşen Milletler Guramasynda edilen çagyryşlary ret etdi.

Bu waka gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky jenaýat derňew topary Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçary urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

29-njy maýda giçlik BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ukraina boýunça geçiren ýygnagynda golland daşary işler ministri Stef Blok Moskwany agzalýan toparyň derňew netijelerini kabul etmäge çagyrdy.

“Ultimatumly gepleşik dili – bu Orsýet bilen gepleşýän islendik adamyň ulanyp biljekdigine rugsat berilýän zat däl” diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa jogap berdi.

“Biz Bilelikdäki derňew toparynyň esassyz netijelerini kabul edip bilmeris” diýip, Nebenzýa sözüniň üstüni ýetirdi.

MH17 gatnaw belgili uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň Donetks regionyndaky konflikt zonada urlup ýykylypdy. Şonda uçardaky 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG