Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp-Kim sammitiniň öňýanynda Lawrow Demirgazyk Koreýa bardy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 31-nji maý, 2018 ý. Phenýan
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 31-nji maý, 2018 ý. Phenýan

Birleşen Ştatlaryň prezidenti bilen Demirgazyk Koreýanyň lideriniň arasynda geçirilmegi planlaşdyrylýan sammitiň öňýanynda, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşýar.

31-nji maýda Phenýanda Lawrowyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren duşuşygynyň yz ýany, Orsýetiň Daşary işler ministrligi özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda bu barada ýörite tweet paýlaşdy.

Orsýet bilen Demirgazyk Koreýanyň diňe sanlyja kilometr serhet araçägi bar. Bu serhet araçägi Orsýetiň uzak gündogaryndaky Wladiwostok şäherinde ýerleşýär.

Lawrowyň bu sapary, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň arasynda taryhy sammiti guramalaşdyrmak boýunça diplomatik hereketleriň işjeňleşen mahalyna gabat geldi.

Bu sammiti maslahat etmek üçin Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Kimiň sag goly hasaplanýan general Kim Ýong Çol bilen 30-njy maýda giçlik Nýu-Ýorkda duşuşdy.

XS
SM
MD
LG