Pakistanyň prezidenti ýurduň tire-taýpalar regionyny Haýber Puhtunhwa welaýatyna birikdirýän we regiondaky 5 million çemesi adama beýleki pakistanlylar bilen deň derejede hak-hukuk berýän kanuna gol goýdy.
Pakistanyň prezidenti Mamnun Hussain bu baradaky kanuna 31-nji maýda Yslamabatda gol goýdy.
Bu kanun taslamasy ilkibada Haýber Puhtunhwa welaýatynyň geňeşi, soňra-da parlamentiň aşaky we ýokarky öýleri tarapyndan kabul edilipdi.
Bu kanuna laýyklykda, Britaniýanyň kolonial häkimiýetinden bäri ýurduň demirgazyk-günbatar territoriýalarynyň “diskriminasiýa kanunlary” diýlip häsiýetlendirilýän häkimiýet esasynda dolandyrylmagy ýatyrylýar.
Pakistan 1947-nji ýylda Londondan öz garaşsyzlygyna eýe bolupdy.
FATA - Federal taýdan dolandyrylýan tire-taýpalar regionyna ýedi territorial düzüm, ýagny Bajaur, Dir, Haýber, Mohmand, Peýwar Kotal, Bolan Pass we Gomal girýär. Bu territorial düzümler Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän daglyk regionynda ýerleşýär.
Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bäş ýyl möhletiniň tamamlanmagy netijesinde, 31-nji maýda resmi taýdan öz işini tamamlady.
Pakistanda parlament saýlawlarynyň 25-nji iýulda geçirilmegine garaşylýar.