Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen aktiwisti Titiýewiň deslapky tussaglyk möhleti uzaldyldy


Oýub Titiýew
Oýub Titiýew

Çeçenistanyň sudy aktiwist Oýub Titiýewiň deslapky tussaglyk möhletini 9-njy iýula çenli uzaltdy. Bu barada Russiýanyň adam hukuklaryny goraýan “Memorial” topary maglumat berdi. Titiýew guramanyň Çeçenistandaky şahamçasyna ýolbaşçylyk edýär.

“Memorial” Groznynyň sudunyň çykaran kararynyň “esassyzdygyny” aýtdy.

Titiýew, neşe serişdeleri bilen baglylykda, 9-njy ýanwarda tussag edilip, şondan bäri tussaglykda saklanýar. Titiýew we onuň ýaranlary bu aýyplamalaryň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Titiýew neşe serişdeleriniň onuň ulagyna ýörite matlap bilen oklanandygyny belleýär.

Eger-de, ol günäli tapylsa, oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

18-nji maýda dünýäniň futbol boýunça guramasy, FIFA, Titiýewiň ýagdaýyna “aladalanma” bildirip, onuň “halkara standartlaryna laýyklykda adalatly sud edilmegine” çagyrdy. 14-nji iýun – 15-nji iýul aralygynda Russiýada Futbol boýunça dünýä çempionaty geçer.

FIFA-nyň Titiýew baradaky beýanaty adam hukuklaryny goraýan toparlaryň çagyryşy esasynda ýaýradyldy.

XS
SM
MD
LG