Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Lawrowa “denuklearizasiýa” ygrarlydygyny aýtdy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un. 31-nji maý, 2018 ý.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa özüniň denuklearizasiýa borçnamalarynyň “üýtgewsiz, tapgyrlaýyn we kesgitli” bolmagyna galýandygyny aýtdy. Bu barada Phenýanyň resmi habar agentlikleri maglumat berdi.

31-nji maýda Lawrow bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Kim ABŞ-Demirgazyk Koreýa düşünişmezlikleriniň we sebitiň denuklearizasiýanyň “tapgyrlaýyn görnüşde çözüljekdigine” umyt edýändigini hem aýdypdyr.

Kim we Lawrow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de şu ýyl iki taraplaýyn sammiti geçirmek barada hem ylalaşypdyrlar.

Lawrowyň bu sapary ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmileriniň Nýu-Ýorkda gepleşik geçirip, 12-nji iýunda Singapurda prezident Donald Tramp bilen Kimiň arasyndaky planlaşdyrylýan taryhy sammiti maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG