Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Apple” Russiýanyň “Telegram” tilsimine garşy girizen gadagançylygyna “boýun bolmaýar”


Durow “Apple” kompaniýasyna minnetdarlygyny bildirip, özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

“Apple” kompaniýasy Russiýanyň “Telegram” messenjer tilsimine garşy girizen gadagançylygyna boýun bolman, App Store arkaly meşhur tilsimiň soňky görnüşlerini hödürläp başlady.

Mundan owal, “Telegramyň” baş dolandyryjysy Pawel Durow tehnologiýa läheňi – “Apple” kompaniýasyny rus resmileriniň diýenine boýun bolup, dünýädäki iPhone ulanyjylaryny “Telegram” tilsiminiň soňky görnüşini almakdan mahrum edýändigini aýdyp, tänkytlapdy.

“Apple” 1-nji iýunda gelen kararyny düşündirmedi. Emma, Durow “Apple” kompaniýasyna minnetdarlygyny bildirip, özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Şu hepdäniň başynda Durow, rus resmileriniň aprelde “Telegrama” garşy girizen gadagançylygyndan soň, “Apple” kompaniýasynyň tilsimiň täze görnüşlerini hödürlemegini bes edendigini aýdypdy.

“Telegram” dowamly täzelenip durmasa, onuň käbir funksiýalary iPhone telefonlarynyň soňky görnüşlerinde elýeterli bolmaýar.

Eger-de “Telegram” tilsimine girizilen gadagançylyk saklanyp galan bolsady, onuň howpsuzlygy howp astyna hem düşüp bilerdi.

“Telegram” arkaly ulanyjylar öz aralarynda habarlaşyp, multimedia faýyllaryny hem ugradyp bilýärler. Durow we onuň dogany Nikolaý tarapyndan 2013-nji ýylda köpçülige hödürlenenden bäri, tilsimiň ulanyjylarynyň sany 200 milliondan hem aşdy.

XS
SM
MD
LG