Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl hökümeti “ermeni gyrgynçylygy" kanunyny maslahatlaşmagy soňa goýýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ermenileriň Osman imperiýasy döwründe, 1-nji Jahan urşy mahalynda köpçülikleýin gyrylmagyny genosid, bilkastdan edilen gyrgynçylyk hökmünde ykrar etmek baradaky kanun taslamasyny maslahatlaşmagy soňa goýdy.

Daşary işler ministrliginiň 3-nji iýundaky beýanatynda Netanýahuyň ministrligiň bu maslahaty Türkiýäniň ýetip gelýän saýlawlary geçýänçä soňa goýmak baradaky rekomendasiýasyny kabul edendigi habar berilýär.

Daşary işler ministrligi, eger-de bu kanun taslamasy häzir ara alnyp maslahatlaşylsa, onuň türk prezidentiniň saýlaw kampaniýasyna “kömek boljaga meňzeýändigini” aýdyp, premýer-ministre ýüzlendi.

Bu çäre Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň iň bir pese düşen wagtyna gabat geldi.

Türkiýe 24-nji iýunda parlament we prezident saýlawlaryny geçirýär we prezident Rejep Taýyp Erdogan ýene bir möhlete prezident bolmaga çalyşýar.

Azyndan 23 ýurt, şol sanda Fransiýa we Germaniýa ermenileriň Türkiýede Osman imperiýasy zamanynda köpçülikleýin öldürilmegini gyrgyn, genosid hökmünde ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG