Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuba ýurduň sowet döwründe ýazylan konstitusiýasyny täzeden ýazýar


Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Kanel

Kuba ýurduň sowet döwründe ýazylan konstitusiýasyny täzeden işlemek üçin ozalky prezident Raul Kastronyň ýolbaşçylygynda 33 adamdan ybarat komissiýa döretdi.

Kubanyň parlamenti 2-nji iýunda häzirki prezident Miguel Diaz-Kaneliň bu kanuny täzeden ýazmak baradaky çagyryşyny tassyk etdi.

Resmiler konstitusiýanyň deslapky taslamasynyň ýazylmandygyny aýtdylar. Täze baş kanunyň soňky ýyllardaky bazar reformalaryny, şeýle-de syýasy edaralarda işlemegiň çäklendirilen möhletleriniň girizilmegini öz içine almagyna garaşylýar.

Emma muňa garamazdan, ekspertler syýasy azatlyklaryň has giňeldilmegine garaşylmaýandygyny, Kastronyň ýurduň bir partiýaly sistemasyny üýtgetmegi oňlamaýandygyny aýdýarlar.

86 ýaşyndaky Kastro aprelde, öz dogany Fideliň onýyllyklara uzan dolandyryşyndan soň iki möhlet prezident bolup, häkimiýeti Diaz-Kanele tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG