Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň sudy AÝ/AR-nyň sud şikaýaty boýunça karar çykarar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew

4-nji iýunda Azerbaýjanyň sudunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň azadliq.org websaýtynyň häkimiýetler tarapyndan petiklenmegine garşy edilen arza-şikaýat boýunça karar çykarmagyna garaşylýar.

Azerbaýjanyň Aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligi ýurduň Baş prokuratura edarasynyň buýrugy esasynda 2017-nji ýylyň mart aýynda azadliq.org websaýtyna girmegi böwetläpdi. Şonda Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy bu websaýtyň ýurduň milli howpsuzlygyna “howp” abandyrýandygyny aýdypdy.

Şonda azadliq.org websaýty bilen bir wagtda, “Azadliq” atly oppozision gazet, “Meydan TV” we başga-da iki sany Internet TW programmalary petiklenipdi.

AÝ/AR tarapyndan berlen arzanyň sud diňlenişigine şu ýylyň 27-nji aprelinde başlanyp, 12-nji maýda Bakuwyň sudy gürrüňi edilýän websaýtyň petiklenmelidigi barada ministrligiň eden talabynyň öz güýjünde saklanmalydygy hakynda karar çykardy.

AÝ/AR bu karary şikaýat etdi. 4-nji iýunda Bakuwyň Kassasion sudy AÝ/AR-nyň sud şikaýatyny diňledi we onuň şu gün giçlik bu barada karar çykarmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG