Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisiniň metro işgärleri iş taşlaýyş yglan etdi, hökümete garşy täze protestleriň geçirilmegine garaşylýar


Tbilisiniň metro işgärleri
Tbilisiniň metro işgärleri

Gürjüstanda metro işgärleriniň iş taşlaýyş yglan etmegi netijesinde gürji paýtagtynda transport gatnawy haýallady. Bu waka Tbiliside hökümetiň işden çekilmegini talap edýän protestçiler özleriniň demonstrasiýalaryna bäşinji güni hem dowam etmäge taýýarlanýan mahaly boldy.

4-nji iýunda Tbilisiniň ähli metro stansiýalary ýapyldy we şäheriň häkimiýetleri ýaşaýjylary awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrdy.

Tbilisiniň häkimi Kakha Kaladze transport problemalary sebäpli ýaşaýjylardan ötünç sorady we iş taşlaýyş yglan eden işçileriň has köp aýlyk haky talap etmegi dogrusynda nähilidir bir planlarynyň ýokdugyny aýtdy.

Bu iş taşlaýyş, geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjegiň pyçaklanyp öldürilmegi babatynda adalatly sud diňlenişiginiň bolmandygyny aýdýan demonstrantlaryň Tbilisiniň merkezinde dört günläp protest geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG