Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlygy barada alada edýän orsýetli aktiwist ýurdy terk etdi


Orsýetiň kartasy
Orsýetiň kartasy

Orsýetiň Altaý Kraý regionyndaky tanymal şahs we oppozision aktiwist Aýdar Kudirmekow özüniň howpsuzlygy barada alada edip, ýurdy terk etdi.

3-nji iýunda Kudirmekow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň birinden gaçybatalga alandygyny aýtdy, ýöne howpsuzlyk aladalary sebäpli bu döwletiň adyny aýtmakdan saklandy.

Kudirmekow maý aýynda ýerli häkimiýetler maliýe galplyklarynda şübhelenip, özi barada derňewlere başlandan soň, Orsýeti terk etmek kararyna gelendigini aýtdy.

Ol bu hereketleriň özüniň ýerli häkimiýetleri korrupsiýada, bidüzgünçilikde aýyplap, köpçülikde eden beýanatlaryna garşy syýasy matlaply ar alyşdygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG