Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň iň ýokary dini organynyň ýygnagyna hüjüm edildi, ýedi adam öldi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine bardy. 4-nji iýun, 2018 ý. Kabul
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine bardy. 4-nji iýun, 2018 ý. Kabul

Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri Kabulda ýurduň ýokary dini organynyň ýygnagynda bomba partlap, azyndan ýedi adamyň ölendigini, dokuz adamyň hem ýaralanandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Ulemalar geňeşi 4-nji iýunda hüjümiň öňýanynda fatwa, ýagny dini höküm çykaryp, janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylýan partlamalary ýazgardy, şeýle hem owgan konfliktini soňlamak boýunça parahatçylyk gepleşikleri barada çagyryş etdi.

Ölenleriň arasynda näçe ruhanynyň bardygy entek belli däl, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan topar hem ýok.

Polisiýa edarasynyň başlygy Gafor Aziziň aýtmagyna görä, partlamany janyndan geçen bir hüjümçi amala aşyrypdyr. Ol partlaýjy maddalary Owganystanyň Ulemalar geňeşiniň duşuşygy geçýän binanyň girelgesiniň golaýynda ýerleşdiripdir.

Partlama ruhanylardan, alymlardan, şeýle hem dini we kanun bilermenlerinden ybarat iki müň töweregi adamyň duşuşyp, janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan bomba partladylmagyny yslamyň düýp düzgünleri boýunça “haram” diýip yglan etmeginden soňra boldy.

Şeýle-de, duşuşyga gatnaşanlar Owganystanyň hökümet güýçlerini, “Talybany” we beýleki ýarym harby toparlary atyşyklary bes etmek boýunça özara ylalaşyp, parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge çagyrdylar.

Geňeşiň agzasy Gofranullah Murad duşuşykda çykarylan beýannamany okap berip, “Owganystanda barýan uruş bikanun, ol Şerigata esaslananok” diýdi.

“Ol yslam kanuny boýunça bikanun, onuň musulmanlaryň ganyny dökmekden başga edýän işi ýok. Biz, dini ulemalar Talybany ýurtda mundan artyk gan dökülmez ýaly owgan hökümetiniň parahatçylyk boýunça eden teklibine oňaýly jogap bermäge çagyrýarys” diýlip, beýannamada aýdylýar.

Soňky aýlarda Kabulda ýarym harbylar tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde onlarça adam öldi. Bu hüjümleriň yslamyň mukaddes oraza aýynda-da yzy üzülmejege meňzeýär.

Resmileriň aýtmagyna görä, 30-njy maýda Içeri işler ministrligine edilen hüjümde bir polisiýa işgäri öldi. Janyndan geçen hüjümçi bilen birlikde hüjüme gatnaşan ýaragly ýedi adam hem heläk boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini bolsa, “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.

Aprel aýynda özüniň bahar hüjümini yglan edeli bäri “Talyban” Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine, şeýle hem tutuş ýurt boýunça hökümet işgärlerine edýän hüjümlerini artdyrdy.

Günbatar tarapyndan goldanylýan hökümet 2014-nji ýylda NATO-nyň ýaragly güýçleriniň aglabasy ýurtdan çykaly bäri “Talybana” we beýleki söweşiji toparlara gaýtawul bermäge synanyşýar.

31-nji maýda Amerikanyň Owganystandaky ýokary harby ýolbaşçysy “Talybanyň” atyşyklary bes etmek boýunça owgan resmileri bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.

General Jon Nikolsonyň aýtmagyna görä, gepleşiklere daşary ýurt hökümetleriniň wekilleri bilen halkara guramalary hem gatnaşypdyrlar.

Ýöne “Talyban” bu aýdylýanlary “nädogry sözler” diýip ret etdi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani “Talybana” özüni syýasy partiýa edip gurmagy teklip edip, hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerine goşulsa, onuň garşysyna girizilen sanksiýalary ýatyrmak we beýleki ýeňillikler barada iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Munuň deregine söweşijilerden Kabuldaky hökümeti ykrar etmek we kanuny hormatlamak talap edildi.

XS
SM
MD
LG