Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Biziň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýetimiz ýok


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Awstriýanyň prezidenti Aleksander Wan der Bellen. 5-nji iýun, 2018 ý. Wena
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Awstriýanyň prezidenti Aleksander Wan der Bellen. 5-nji iýun, 2018 ý. Wena

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin üstümizdäki ýylyň başlarynda gaýtadan prezidentlige saýlanaly bäri bir günbatar Ýewropa ýurduna eden ilkinji saparynyň öňýanynda, Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrmaga meýillidigini duýdurdy.

Putin 5-nji iýunda giçlik Wenada Awstriýanyň prezidenti Aleksander Wan der Bellen we kansler Sebastiýan Kurts bilen gepleşik geçirer. Orsýet häzir Ukrainadaky agressiýasy, Siriýa konfliktinde oýnaýan roly, Britaniýada öňki ors içalysy bilen onuň gyzynyň zäherlenmegi, şeýle hem beýleki meseleler sebäpli Ýewropa Bileleşigi bilen dartgynly gatnaşyklary başdan geçirýär.

Putin saparynyň öňýanynda, Awstriýanyň ORF teleradio ýaýlymy tarapyndan efire berlen bir interwýuda özüniň Ýewropa Bileleşiginiň “agzybir we abadan” bolmagyny isleýändigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti 28 agzaly bileleşigi Moskwanyň iň möhüm söwda we ykdysady ýarany diýip atlandyryp: “Ýewropa Bileleşiginde problemalar näçe köp bolsa, biziň töwekgelçiliklerimiz we näbelliliklerimiz hem şonça uly bolýar” diýdi.

Ol soňra hem: “Biz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gurmaly. Biziň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýetimiz ýok” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýet Awstriýada hökümetiň bir bölegi bolan aşa-sagçy “Azatlyk partiýasy” ýaly Ýewropanyň populistik hereketleri bilen ýakyn gatnaşyk saklap, agzalalyk döretjek bolýar diýilýänini Putin ret etdi.

Wenada geçjek gepleşiklerde esasy temalaryň biri Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Moskwanyň garşysyna girizilen sanksiýalar bolar diýlip çaklanýar. Bu sanksiýalar Orsýet 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym regionyny zor bilen özüne birikdireninden soňra girizildi.

Konserwatiw lider Kurts Ukrainada barýan konflikti çözmekde öňe gidişlik bolsa, sanksiýalar ädime-ädim ýatyrylmaly diýýär.

Kurtsuň koalision ýarany Haýnts-Kristiýan Strahe bolsa, berk çäreleriň ýatyrylmagyna çagyrdy.

Kurtsuň koalisiýasy Sergeý Skripal bilen onuň gyzy Ýuliýa zäherlenenden soňra, Orsýetden öz diplomatlaryny yzyna çekmedik Ýewropa Bileleşigindäki sanlyja hökümetleriň biridir.

Britaniýa Orsýeti Skripaly öldürmäge synanyşanlykda aýyplady. Moskwa bolsa, muny ret edýär.

Kurts öz hökümetiniň bu hereketini Awstriýa “gündogar bilen günbatar arasynda köprüleri gurýan ýurt” we Moskwa bolan “kanallary açyk saklamak” isleýär diýip delillendirdi.

Putin ORF-e beren interwýusynda Moskwa bilen Wena “gaty gowy we ysnyşykly gatnaşyklary” sakladylar, Awstriýa däp boýunça Orsýetiň “Ýewropadaky ynamdar ýaranydyr” diýdi.

“Soňky ýyllarda dörän kynçylyklara garamazdan, biziň dialogymyz kesilmän geldi” diýip, Putin aýtdy.

Ol soňra hem ikitaraplaýyn söwdanyň öten ýyl 40.5 prosent ösendigini belledi.

Awstriýa Günbatarda 50 ýyl mundan ozal sowet gazyny import eden ilkinji ýurtdyr. Ol Orsýetden Günbatar Ýewropa gelýän gaz üçin esasy girelge bolup durýar.

65 ýaşly Putin mart aýynda garşydaşlary tarapyndan galplaşdyryldy diýilýän saýlawda dördünji gezek prezidentlige saýlandy. Halkara synçylary hem saýlawda hakyky bäsdeşligiň bolmandygyny we halka hakyky saýlaw üçin mümkinçilik döredilmändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG