Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda meningit keselinden 13 adam öldi


Astana görnüşi

Gazagystanyň günorta sebitlerinde soňky aýlarda meningitden, beýni we oňurga ýiliginiň çişmeginden 13 adam öldi diýip, Merkezi Aziýa ýurdunyň Saglyk ministrligi 6-njy iýunda habar berdi.

Ministrlik Almatyda, Kyzylordada, Günorta Gazagystan regonlarynda jemi 59 adamyň, şol sanda 14 ýaşdan aşakdaky 21 çaganyň meningit bilen keselländigini aýtdy.

Ölüm hadysalarynyň iň soňkusy 5-nji iýunda, Taldykorgan şäherinde ýogalan 17 ýaşly oglanyň ölümi bilen hasaba alyndy.

Ministrlik ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG