Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ok atyşygy bes etmek yglan edilen Owganystanyň çar künjünde ganly hüjümler amala aşyryldy


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary

Jeňçiler Owganystanyň çar künjeginde ganly hüjümleri amala aşyrdy. Şondan bir gün ozal owgan hökümeti öňümizdäki hepdeden başlap, Talyban bilen ok atyşygy bes etmegi birtaraply yglan edipdi.

Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda bir kanun çykaryjy öýünde ýok wagty onuň öýüne hüjüm edilip, üç adamyň janyna kast edildi.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Ataullah Hogýani 8-nji iýunda eden çykyşynda, parlamentiň agzasy Feriduon Momandyň Jalalabadyň administratiw merkezinde ýerleşýän öýüne hüjüm edilendigini mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, hüjümde howpsuzlyk garawuly, bir aýal we onuň adamsy öldürildi we ýene-de bäş adam ýaralandy.

“Yslam döwleti” ekstremist topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani 7-nji iýunda Oraza aýynyň aýagynda Talyban bilen bir hepdeläp ok atyşygyň bes edilýändigini yglan etdi.

Ok atyşygy “Talybana” we onuň ýarany “Hakkani” toparyna degişli bolup, onda Nangarharda işjeň “YD” ekstremist topary agzalmady.

Şeýle-de, Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Lagman welaýatynda motora berkidilip, uzak aralykdan dolandyrylýan bomba bilen edilen hüjümde bir din wekili we başga-da üç adam öldürildi diýip, ýerli resmiler habar berdi.

Günbatar Hyrat welaýatynyň Şindad etrabynda ýaragly bir adamyň metjide eden hüjüminde azyndan iki adam öldürildi.

Lagmanda we Hyratda amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini jeňçi toparlar öz üstüne almady.

“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň jeňçileri demirgazyk Jowuzjan welaýatynda ýerleşýän howpsuzlyk postlaryna hüjüm edip 5 polisiýa işgärini öldürdi diýip, resmiler habar berdi.

8-nji iýunda jeňçiler Derzap etrabynda ýerleşýän birnäçe barlag nokatlaryna hüjüm edip, ok atyşdylar diýip, polisiýanyň başlygy Fakir Mohammand Jouwjani aýtdy.

​Owganystandaky Birleşen Ştatlaryň hem-de halkara güýçleriň komandiri general Jon Nikolson ok- atyşygyň bes edilýän döwründe Yslam döwletiniň jeňçilerine garşy harby operasiýalaryň güýçlendiriljekdigini aýtdy. Soňky gandöküşikli hüjümler onuň sözleriniň yzýanyna gabat geldi.

Nikolson ok-atyşygy bes etmek çäresiniň “wajypdygy”, sebäbi şeýle çäräniň ilkinji gezek durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ok-atyşygy bes edişlik barada “Talyban” heniz reaksiýa görkezmedi.

“Men Talybanyň näme etjegini bilemok”, diýip Nikolson aýtdy.

XS
SM
MD
LG