Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan “Talybany” Eýd baýramçylygy mynasybetli üç günlük ýaraşyk yglan etdi


Owgan prezidenti Aşraf Gani
Owgan prezidenti Aşraf Gani

Owgan “Talybany” Eýd baýramçylygy mynasybetli üç günlük ýaraşyk yglan etdi, bu olaryň hökümetiň yglan eden ýaraşygyndan soň şu görünşde eden ilkinji teklibidir.

“Talyban” 9-njy iýun güni irden öz ýaraşyklaryna “daşarky güýçleriň” girmeýändigini, özlerini islendik hüjümden gorajakdyklaryny aýtdylar.

Häzir Owganystanda 15,600 ABŞ we NATO güýçleri bar.

Owgan prezidenti Aşraf Gani 7-nji iýunda “Talyban” bilen şert goýmazdan ýaraşyk yglan etdi. Bu musulmanlaryň agyz bekleýän Remezan aýynyň soňundan gelýän baýramçylygyň öň ýanyna gabat geldi.


XS
SM
MD
LG