Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Trampa Orsýeti G7-ä yzyna çagyrandygy üçin igendiler 


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 7-ler sammitine gatnaşmak üçin Kanada geldi.

Günbatar döwletleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýeti 7-ler toparyna yzyna çagyrmak pikirini oňlamadylar.

German kansleri Angela Merkel munuň gündogar Ukrainadaky konflikti çözmekde “progres” bolýança başa barmajakdygyny aýtdy.

Ýediler toparyna Ýewropa Bileleşiginiň dört ýurdy girýär we olar sammitden öň özara maslahat edip, Ukrainadaky problemalarda düýpli öňegidişlik gazanylýança Orsýetiň 7-ler toparynyň formatyndaky sammitlerine dolanyp bilmejekdigi barada ylalaşyga geldiler diýip, Merkel Kanadanyň Kubek şäherinde 8-nji iýunda başlanan sammitiň öňünden aýtdy.

Orsýet bu topardan dört ýyl ozal, Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky urşa meçew bereninden soň çykaryldy.

Bu uruşda 10,300 adm öldürildi.

G7 toparyna Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Britaniýa we Birleşen Ştatlar girýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG