Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti Pakistanyň we Hindistanyň ŞHG-a goşulmagyny gutlap, 'agzybirligi' öwýär


Hytaýyň prezidenti Si Jinping gyrgyz kärdeşi Soorombaý Jeenbekow bilen. Kingdao, 10-njy iýun, 2018 ý.
Hytaýyň prezidenti Si Jinping gyrgyz kärdeşi Soorombaý Jeenbekow bilen. Kingdao, 10-njy iýun, 2018 ý.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping ýurduň demirgazygyndaky Kingdao portunda işe başlan sammitde Pakistanyň we Hindistanyň Hytaý bilen Orsýet tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän syýasy hem-de ykdysady bileleşige, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulmagyny gutlady.

Si 10-njy iýunda Pakistanyň prezidenti Mamnoon Hussain bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň bu ýygnanyşyga goşulmagyny gutlap, olaryň bu ýerde bolmagynyň “ägirt uly taryhy ähmiýetiniň” bardygyny nygtady.

"Agza döwletleriň köp bolmagy guramanyň has güýçli bolmagyny, şonuň bilen birlikde-de oňa has uly üns berilmegini, regional ýurtlaryň adamlarynyň we halkara jemgyýetçiliginiň ondan garaşýan zatlarynyň has uly bolmagyny aňladýar” diýip, Si aýtdy.

Pakistan we Hindistan bu ykdysady bileleşige geçen ýyl goşuldy. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy mundan ozal Hytaýdan we Orsýetden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan durýardy.

Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa bu gurama synçy hökmünde gatnaşýar.

Si 9-njy iýunda sammiti açyp, ŞHG-nyň bu çäresindäki “agzybirligi” öwdi.

XS
SM
MD
LG