Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky konflikti maslahat etmek üçin 11-nji iýunda Berlinde duşuşarlar.
“Normand formatynda” geçirilýän gepleşiklerde maslahat ediljek temalaryň arasynda BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasyny konflikt zonasynda ýerleşdirilmek meselesi hem görkezilýär.
BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasynyň gündogar Ukrainada ýerleşdirilmegini taraplaryň ählisi goldaýar, emma missiýanyň ygtyýarlygyna degişli meselede gapma-garşylyk saklanýar.
Germaniýa we Fransiýa missiýanyň orsýetçi separatistler tarapyndan goldanýan ähli regionlarda, şol sanda Ukrainanyň Orsýet bilen serhedinde ýerleşdirilmegini isleýärler. Orsýet muňa garşy çykýar.
2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri günorta Ukrainada orsýetçi separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasynda bolan söweşlerde 10 300-den gowrak adam wepat boldy.
Şu çaka çenli ok atyşygy doly bes etmek boýunça synanyşyklar başa barmady.