Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Singapurda ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň liderleriniň sammitine soňky taýýarlyklar görülýär


ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň liderleri Donald Tramp we Kim Jong Un
ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň liderleri Donald Tramp we Kim Jong Un

ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň resmileri 11-nji iýunda Singapurdaky duşuşygynda prezident Donald Trampyň we Kim Jong Unyň sammiti üçin soňky taýýarlyklary maslahat ederler.

Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Hukabee Sandersyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň delegasiýasy bilen gepleşiklerde ABŞ-nyň resmi toparyna Fillipinlerdäki ilçisi baştutanlyk edýär.

Tramp we Kim 10-njy iýunda Singapura bardylar. Olaryň sammiti 12-nji iýunda Sentosa dynç alyş adasynda geçiriler. ABŞ-nyň prezidentiniň Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen geçirjek bu ilkinji duşuşygy Phenýanyň ýadro programmasyna we Koreýa ýarymadasyny ýaragsyzlandyrmak boýunça tagallalara gönükdiriler.

Donald Tramp bu sammitiň Demirgazyk Koreýa üçin “ýeke-täk şans” bolup durýandygyny belledi.

Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 11-nji iýunda geçiren metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Demirgazyk Koreýa babatyndaky sanksiýalaryň saklanjagyny aýtdy. “Eger diplomatiýa dogry ugurdan gitmese... şol çäreler güýçlendiriler” diýip Pompeo belledi.

XS
SM
MD
LG