Orsýetiň Wolga derýasynda barža we üsti adamdan doly katamaran çakyşanda on bir adam heläk boldy.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmileri halas ediş işleriniň 12-nji iýunda, heläk bolan 11-nji adamyň, aýalyň hem jesedi tapylandan soň bes edilendigini aýtdylar.
Olar 11-nji iýunda, Wolgograd şäheriniň golaýynda giçlik bolan hadysada bäş adamyň halas edilendigini, olaryň üçüsiniň hassahana ýerleşdirilendigini hem habar berdiler.
Hadysanyň sebäbi häzirlikçe nämälim bolup galýar.