Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside protestçiler lageri sökülende oppozisiýa agzalary, aktiwistler tussag edildi


Tussag edilen protestçi Zwiad Kuprawa

Polisiýa Tbilisiniň merkezindäki protest lagerini sökende, ENM-iň, Birleşen milli hereket partiýasynyň agzalarynyň we goldawçylarynyň onlarçasyny tussag etdi.

ENM agzasy Zaal Udumaşwili 11-nji iýunda žurnalistlere tussag edilenleriň arasynda deputat Nika Melianyň we şäher geňeşiniň agzasy Irakli Nadiradzäniň hem bardygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi 11-nji iýun güni irden hökümete garşy protestleri gurnajylaryň biri Zwiad Kuprawanyň we ýene üç protestçiniň şol gün bozgaklyk we tabyn bolmazlyk hereketleri sebäpli tutulandygyny aýtdy.

Hökümete garşy protestler 31-nji maýda, iki ýetginjegi öldürmekde güman edilýän iki adama çykarylan höküme garşy bildirilen protestler netijesinde başlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG