Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa we Fransiýa gündogar Ukrainada ýaraşygyň dikeldilmegine umyt bildirýär


German daşary işler ministri Heiko Maas
German daşary işler ministri Heiko Maas

Germaniýa we Fransiýa Orsýet bilen Ukrainanyň gündogar Ukrainada uzaga çekmeýän ýaraşygy dikeltmek babatda çäre görmegine umyt bildirýär, emma ol ýere BMG-niň parahatçylyk esgerlerini ýerleşdirmek meselesinde ylalaşyga gelinmändigini aýdýar.

Bu habar Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleriniň 11-nji iýunda Berlinde öz ukrain we rus kärdeşleri bilen duşuşyp, soňky bir ýylda ilkinji gezek parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmek synanyşygyny edeninden soň ýaýrady.

German daşary işler ministri Heiko Maas fransuz kärdeşi Jean-Yves Le Drian bilen beren metbugat ýygnagynda bu gepleşikleriň “açyk we konstruktiw” bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu gepleşikleriň iki ýurduň ýaraşyk ylalaşyklarynyň düzgünlerini barha az bozmaklaryna getirmegine ymyt bildirdi.

XS
SM
MD
LG