Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa ABŞ-dan harby deňizçileriniň sanyny iki esse artdyrmagyny sorady


ABŞ 2017-nji ýylyň başynda 330 harby deňizçisini Norwegiýa iberdi, Stjordal, 16-njy ýanwar, 2017
ABŞ 2017-nji ýylyň başynda 330 harby deňizçisini Norwegiýa iberdi, Stjordal, 16-njy ýanwar, 2017

Norwegiýanyň ABŞ-nyň ýurtda ýerleşdiren harby deňizçileriniň sanyny iki esse artdyrmagy barada ýüzlenmeginiň Orsýetde gahar döretmegi ähtimal.

Oslonyň 12-nji iýunda yglan eden bu beýanaty Orsýet bilen serhetleşýän ýurtlaryň Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan Krym ýarymadasyny bölüp almagyna bildirýän aladalanmalarynyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

NATO-nyň gündogar serhedindäki dokuz ýurdy öz regionlarynda bileleşigiň harby taýdan has düýpli ornaşmagyna çagyryş etdiler we Orsýetiň agressiýasyndan aladalanma bildirdiler.

Norwegiýa 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda baran 330 amerikan harby deňizçisiniň şu ýylyň aýagyna çenli yzyna gaýtmagyna garaşylýar. Gyşky şertlerde söweş usullaryny türgenleşdirmek maksady bilen baran bu harbylar NATO-nyň agzasy bolan ýurtda Ikinji Jahan Urşundan bäri ýerleşdirilen ilkinji daşary ýurtly harby topary emele getiripdi.

Norwegiýanyň daşary ýurtly harbylary kabul etmek boýunça bu ilkinji ädimi Orsýetde nägilelik döredip, Moskwa munuň Oslo bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyryp biljegini we NATO-nyň demirgazyk böleginde dartgynlylygy tutaşdyrmagynyň ähtimaldygyny duýdurypdy.

Norwegiýa indiki ýylyň başynda ABŞ-nyň 700 harby deňizçisini ibermegini sorady.

XS
SM
MD
LG