Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin FIFA ‘sporty syýasatdan daşlaşdyrmak’ üçin minnetdarlyk bildirdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 13-nji iýun, 2018
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 13-nji iýun, 2018

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň bir gün öňüsyrasynda futbol boýunça dünýä guramasy FIFA ýüzlenip, onuň sporty syýasatdan aýra saklamagy üçin minnetdardygyny aýtdy.

Putiniň bu ýüzlenmesi FIFA-nyň 200 milli futbol federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 13-nji iýunda geçirilen 68-nji kongressinde edildi.

“Men FIFA-nyň ‘sporty syýasatdan daşlaşdyrmak’ ýörelgesini berjaý etmegini aýratyn belläsim gelýär” diýip, Putin aýtdy we “Orsýet mydama muny goldaýar” diýip belledi.

Orsýet Ukrainadaky ýagdaýlara goşulyşmak, beýleki ýurtlaryň saýlaw proseslerine güman edilýän täsiri we Angliýada öňki gizlin agenti hem onuň gyzyny zäherlemek ýaly aýyplamalaryň daşynda Günbatar bilen özara dartgynlylygynyň dowam edýän wagtynda Dünýä kubogy boýunça çempionaty geçirýär.

Putiniň Dünýä çempionatynyň açylyş ýaryşyna ýagny Orsýetiň Saud Arabystany bilen Moskwada geçirjek duşuşygyna tomaşa etmegine garaşylýar. Orsýetiň 11 şäherinde 12 sany stadionda geçiriljek halkara sport çäresi 15-nji iýulda tamamlanar.

XS
SM
MD
LG