Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet NATO-nyň urşa taýýarlygy güýçlendirmek baradaky plany howp abandyrýar diýýär


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko

Orsýet NATO-nyň Ýewropada özüniň urşa taýýarlygyny güýçlendirmek baradaky täze planlarynyň kontinentde howpsuzlygy gowşatjakdygyny aýdyp, Moskwanyň muny öz harby planlarynda nazara aljakdygyny duýdurdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko özüniň 13-nji iýunda eden çykyşynda “Dört otuzlyk” diýlip tanalýan inisiatiwany tankyt etdi. Ol Orsýet öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli harby çäreleri görer diýdi.

Inisiatiwa “Ýewropanyň howpsuzlygyna howp döredýär” diýip, Gruşko žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan teklip edilip, 7-nji iýunda NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri ikleri tarapyndan goldanylan “Dört otuzlyk” inisiatiwasy, birleşik tarapyndan Orsýetden abanýandygy aýdylýan artýan howpa garşy ýaranlary goramaga we krizis ýagdaýynda Ýewropanyň çäginde goşunlaryň transportyny ýeňilleşdirmek arkaly urşa taýýarlygy güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Jikme-jikleri mälim edilmeýän planda 30 günüň dowamynda 30 harby batalony, 30 eskadron uçaryny we 30 uruş gämisini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu planyň 2020-nji ýylda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

NATO-nyň müňlerçe goşuny saklanmak faktory hökmünde baltik ýurtlarynda we Polşada eýýäm ýerleşdirilendir. 7-nji iýunda NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg “Dört otuzlygyň” maksadynyň koordinasiýany we çalasynlygy artdyrmakdan ybaratdygyny belledi.

“Bu täze goşuny düzmekden ýa-da ýerleşdirmekden ybarat däl. Bu her bir ýaranlygyň çäginde bar bolan goşunyň taýýarlygyny güýçlendirmekden ybarat. Bu taýýarlyk medeniýetini dikeltmekden ybarat we biz muňa zerurlyk duýýarys. Sebäbi biziň öňünden çak edip bolmaýan howpsuzlyk gurşawymyz bar. Biz garaşylmaýan ýagdaýlara taýýarlykly bolmalydyrys” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Gruşko Orýetiň “ýaranlygyň günbatar flangda amala aşyrýan taýýarlyklaryna bolan garaýşy hemmeler tarapyndan bilinýär” diýdi.

Orsýetiň “Dört otuzlyk” planyny öz harby planlarynda nazara aljakdygy ýa-da almajakdygy baradaky soraga Gruşko: “Gürrüňsiz, biz muny nazara alarys” diýip, žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

“Eger zerurulyk artsa, onda biz howpsuzlygymyzy we goranmak ukyplylygymyzy üpjün etmek üçin ähli harby-tehniki çäreleri göreris” diýip, Orsýetiň NATO-daky öňki ilçisi Gruşko belledi.

XS
SM
MD
LG