Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Halkyñ sesini diñle. Halk bilen göruş, maslahatlaryny diñle!"


Türkmen prezidenti aty bilen 'didarlaşýar'.
Türkmen prezidenti aty bilen 'didarlaşýar'.

Hormatly, sözde "ARKADAG" Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW!

Şu zatlary ýurdumyñ öz prezidentine ýazmak näçe agyr degse-de, ýazaýyn, içimde galmasyn, belki birgün ýurtdan gaçyp gidende okarsyñ ya-da ýakynlaryñ okap, sen ýaly garyndaşynyñ baryna utanar gelejekde.

Bir tarapdan tuweleme her ýurduñ prezidentleri bilen görusena bolýaň, kredita pul sorayan bolmalysyñda olaram berenok, netije ýok öýdýän. Birzatlara etjek bolýañ öza krisizdan çykjak bolup. Biza sada halkyñ adamlary ol zatlary kan bilmanimize. Bolýa esasy aýtjak zadyma baslaýyn.

Sen herde bir keşbini uýtgedip şähere aýlanyp görduňmi? Obalara aylanyp görduñmi? Entäk beýleki 4 welaýaty aýdamok, diñe Ahaly welaýatyny aýdýan. Herde bir harby bölumleriñ ýagdayyny görduňmi? Esgerleriñ iýýän zatlaryny, köçedaki aç hayvanlaram iyenoga. Seni gorajaklar sholar WATAN GORAGÇYLARY, sen bolsa olary 2000-nji ýyllardan galma kenguru, pil, zebra eti bilen bakyañ. Hytaý, Hindistan ýaly milliard halkyñ bolsa dusunjek welin, yöne bary yogy 6-ja million halkyñ bara. Sen maşgalaña göz-gulak bolup bileñok. 6 million nirede?

Aýna seredeñde diñe ozuni goryañ, arka tarapyny yatdan çykardyñ ol aynanyñ. WATAN HABARLARYNDAKY gorkezyan, señ çyraçylyk edeniň, sport bilen meşgullanyanyñ kime gerek how?

Birem yashulylar maslahatyna gülesim gelya, beyleki yurtlarda yaşlaryñ pikirleri soralyp shoña gora netije chykaryan bolsalar, sen bolsa ol akly giden birtopar pampersli ýashulylardan maslahat sorayañmy?

Wagty geldi indi gözüñi aç, oýan indi. Bolar so, suwagta çenli meñ ömrumiñ 11 yylyny ogurladyñ. Howa ber, howa aljak menem. Gorkusyz yaşaşak. Bizde 7 ömür yok ahyr, pişikler yaly. Yekeje ömür bar, rugsat ber onam rahat yaşamagymyza. Entak krisiz bolanda halkyn 5-den 1 bolegi gaçdy yurtdan, uruş bolsa kim galjak o yurtda? Ony oylanşyp gorduñmi?
Wahhh, yatdan çykypdyr uruş bolsa ilkinji gaçjaklar siz ahyr.

Halkyñ sesini diñle. Halk bilen göruş, maslahatlaryny diñle. Hakykatdanam gömülüp yatan akylly adamlar bar bu ýurtda. Ýurdy aýaga galdyrjak. Sholaryñ yoluny aç. Eysem kim señkini gowy edip göterse ýa kim gowy eñilip salam berse dälde.

Nakyl bardy, "il yurtda şa bolandan , öz yurduñda geda bol" diyip, shuwagt tersi boldy bu nakyl. Baý dowlediñ gyzlary basga yurtda oz bedenini satyp, oglanlary bolsa gara işlerde isläp masgalasyny bakyp ýörler.

Dawleniyam galdy yenede. Ukol alyp gelip yene dowam ederin. Bolmasa tom'lap kitap yazsamam az bu temadan...

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG