Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Täjigistana sapar edip, halkara suw maslahatyna gatnaşar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen. Arhiw suraty.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Täjigistana iş sapary bilen baryp, Duşenbe şäherinde geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atlyhalkara maslahata gatnaşar.

Türkmen hökümetiniň 14-nji iýunda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, Duşenbede 20-21-nji iýunda geçiriljek maslahata dünýäniň onlarça ýurdunyň döwlet baştutanlary, halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Duşenbedäki suw maslahaty Türkmenistanda ekerançylyk meýdanlaryna suw ýetmezçiliginiň ýiti duýlan suwaryş möwsüminiň yz ýanyna gabat geldi.

Sowet döwründen galan gowaça ekmek praktikasy zerarly Türkmenistan suwy bisarpa ulanmakda, ýerleri şorlatmakda we sebitdäki ekologiki problemalara ýeterlik baş galdyrmazlykda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG