Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Pakistan "Talybanynyň" başlygynyň öldürilendigini tassyk edýär


Pakistan “Talybanynyň” başlygy molla Fazlullah

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani özüniň Pakistan “Talybanynyň” başlygy molla Fazlullahyň öldürilendigini anyklandygyny aýtdy we muny Kabul bilen Yslamabadyň arasynda “ynanyşmagy gurmaga tarap ädilen beýik ädim” hökmünde häsiýetlendirdi.

Gani 15-nji iýunda twitterde çap eden maglumatynda özüniň Pakistanyň premýer-ministri Nasirul Mulk, goşun başlygy general Kamar Jawed Bajwa bilen gürleşendigini, olaryň “molla Fazlullahyň ölümini tassyklandygyny aýtdy.

Bu beýanat Owanystanyň uly derejeli goranmak resmileriniň we Pakistanyň aňtaw çeşmeleriniň Fazlullahyň ABŞ drony bilen Owganystanda, Pakistan serhediniň golaýynda öldürilendigi barada beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň harby resmileri 14-nji iýunda media “terrorçy gurama” diýlip kesgitlenen “Tehrik-e-Taliban Pakistanyň” ýa-da TTP-niň başlygynyň 13-nji iýunda Kunar welaýatynda öldürilendigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG