Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretaryndan kinorežissýor Oleh Sentsowyň işinde araçy bolmak soralýar


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş

ABŞ, Fransiýa, Britaniýa we beýlekiler, jemi 38 ýurt BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişden geljek hepde rus prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşende tussag edilen kinorežissýor Oleh Sentsow we beýleki ukrain bendileri hakynda mesele gozgamagy sorady.

Guterrişe ýazylan talap haty 15-nji iýunda, BMG-däki ukrain missiýasy tarapyndan gowşuryldy. BMG-niň başlygy 20-nji iýunda Putin bilen duşuşmagy hem-de Orsýetdäki Futbol çempionatynyň çäginde Portugal-Morokko ýarysyşyna tomaşa etmegi planlaşdyrýar.

Bu hat Ukrainanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň, ombudswomanyň 15-nji iýunda Orsýetiň uzak demirgazygyndaky Ýamalo-Nenets regionynda tussaglykda saklanylýan Sentsow bilen duşuşmagynyň öňüniň alnandygyny aýdan wagtyna gabat geldi.

38 ýurduň ýazan hatynda 15-nji maýdan bäri açlyk yglan edýän Sentsowyň işiniň “gyssagly meseledigi” we Guterrişiň çözgüt tapmak üçin araçylyk etmäge synanyşmalydyg saýdylýar.

Bu hata gol çeken ýurtlaryň arasynda Awstraliýa, Kanada we bir topar ÝB ýurdy, Türkiýe, Moldowa, Gürjüstan we Ukraina hem bar.

41 ýaşyndaky Sentsow terror hüjümlerini planlaşdyrmak aýyplamalary esasynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalary ret edýär we goldawçylary onuň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG