Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putini pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmak planlaryndan çetde tutmaga çylyşýar 


Orsýetde ömür dowamlylygy we pensiýa ýaşy
Orsýetde ömür dowamlylygy we pensiýa ýaşy

Prezidentiň Orsýet üçin onlarça ýyl bäri ynjyk bolmagynda galýan meseläniň golaýdaky maslahatlaşylmasyna gatyşmandygyny aýdyp, Kreml Wladimir Putini pensiýa çykmak ýaşynyň ýokarlandyrylmak planlaryndan daşda tutmaga çylyşýar.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 15-nji iýunda žurnalistlere Putiniň 2005-nji ýylda pensiýa çykmak ýaşyny ýokarlandyrmazlyk barada beren wadasyndan soň köp wagtyň geçendigini we “ondan bäri ýagdaýyň üýtgändigini” aýtdy.

"Indi bu meselä hökümet tarapyndan seredilýär. Prezident bu prosese gatnaşmaýar” diýip, Peskow aýtdy.

Ol premýer-ministr Dmitriý Medwedew pensiýa çykmak ýaşynyň ýokarlandyrylmagy baradaky planlary aýan edeninden bir gün soň çykyp gürledi.

Medwedewiň sözlerine görä, erkekleriň pensiýa çykmak ýaşy 2028-nji ýyla çenli 60-dan 65-e, aýallaryňky bolsa, 2034-nji ýyla çenli 55-den 63-e çenli ýokarlandyrylar. Medwedew pensiýa ýaşynyň, tankyt edilýän plana görä, 2019-njy ýyldan ýokarlandyrylyp başlanjakdygyny aýtdy.

Bu üýtgeşiklik Orsýetde köp adamyň pensiýa alýan döwrüni gysgaldar, sebäbi ýurtda ömrüň dowamlylygy erkekler üçin 68 ýaş diýlip hasaplanylýar.

Orsýetiň hökümeti 2024-nji ýyla çenli erkekleriň ömür dowamlylygynyň 70, aýallaryň ömür dowamlylygynyň 80 boljagyny çaklaýar.

XS
SM
MD
LG