Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler Ýemende pitneçileriň elindäki esasy portda ýerleşýän aeroporty eýeledi 


Oraza baýramynda Hodeýda portuna toplanan musulmanlar. 15--nji iýun, 2018ý.

Ýemen resmisi saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Ýemeniň port şäheri bolan Hodeýdanyň uçar menzilini eýeländigini aýdýar.

“Goşunyň goldawyndaky goranyjylar we Arap ýaranlygy Hodeýdanyň halkara aeroportuny Huti milisiýasynyň elinden azat etdi” diýip, ýemen harbylarynyň saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bilen ýaranlykda durýan media edarasy 16-njy iýunda twitter arklaly habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, häzir inženerler bu ýeri hutiler diýip bilinýän şaýy milisiýasynyň galdyran minalaryndan saplamaga çalyşýarlar.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa hutileri bu porty eýran ýaraglarynyň gaçak getirilmeginde ulanmakda aýyplaýar, emma bu aýdylýany pitneçiler-de, Tähran-da ret edýär.

BMG-niň ýörite wekili Martin Griffits 15-nji iýunda portdaky ýagdaý barada gyssagly gürleşmek üçin paýtagt Sanaa geldi diýip, AFP habar berýär.

Onuň hutulere Hodeýda kontrollygy BMG ýolbaşçylygyndaky komitete tabşyryp, mundan aňryk söweşmekden saklanmagy teklip etmegine garaşylýar.

Ýemendäki konflikt 2014-nji ýylyň aýagynda, haçanda hutiler we olaryň ýaran güýçleri ýurduň demirgazyk-günbatar böleklerini, şol sanda paýtagt Sanaany ele geçirende möwjäp galdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG