Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA Dünýä çempionatynda eýranly aýallary goldamak şygaryna ygtyýar berlendigini aýdýar


Eýran 15-nji iýundaky ýaryşda Morokkodan 1-0 hasabynda üstün çykdy.
Eýran 15-nji iýundaky ýaryşda Morokkodan 1-0 hasabynda üstün çykdy.

FIFA Orsýetde geçýän Futbol çempionatynyň stadionynda eýranly aýallaryň sport çärelerine erkekler bilen bilelikde seretmegine goldaw bildirilýän şygaryň ýaryşlardan öň tassyklanandygyny aýdýar.

Dünýä futbolynyň dolandyryjy guramasy 16-njy iýunda düzgünleriň umuman ýaryş mahalynda syýasy beýanatlary gadagan edýändigini, emma 15-nji iýunda Eýranyň Morokkodan 1-0 hasabynda üstün çykan oýny mahalynda galdyrylan şygarlaryň syýasy çagyryş däl-de, “sosial ýüzlenme” diýip hasap edilendigini aýtdy.

Gürrüňi edilýän oýun wagtynda Sankt-Peterburgdaky stadionyň iki çetinde “Aýallar üçin gadaganlyk ýok” (#NoBan4Women” we “Eýranly aýallaryň stadionalara barmagyny golda” (Support Iranian Women to Attend Stadiums) diýen şygarlar galdyryldy. Birinji gezek ol şygar ýetip gelen stadion işgärleri tarapyndan aşak ýatyryldy. Soň ol binanyň başga ýerinde galdyryldy.

Eýran häkimiýetleri ýurtda aýallaryň erkekler bilen sport çärelerine gatnaşmagyna rugsat berilmegi barada barha kän tankyda sezewar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG