Owganystanda parahatçylyk ugrundaky aktiwistler ýurtda 17 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmagy talap edip geçiren 700 kilometrlik ýörişi bilen Kabula bardylar.
Bir aýdan gowrak wagt mundan öň Helmandda başlanan parahatçylyk kerweniniň gatnaşyjylary “Biz parahatçylyk isleýäris!”we “Urşy bes ediň!” mazmunly şygarlar bilen 17-nji iýunda irden Kabula ýöräp bardy.
Bu ýöriş Helmand welaýatynyň paýtagty, “Talyban” hereketiniň gözegçiligindäki Laşkar Gah şäherinde başlandy.
Başda 9 adamyň gatnaşmagynda başlanan ýörişiň düzümi soň 40 adama çenli artdy.
Gatnaşyjyaryň Kabula baran wagty Remezan aýynyň soňlamagy bilen Eid al-Fitr dini baýramçylygynyň dowamynda hökümet güýçleriniň we “Talyban” toparynyň arasynda ok atyşygy bes etmek boýunça gelnen üç günlük ýaraşyga gabat geldi.