Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar


Täjigistanyň mekdebi (illýustrasiýa)
Täjigistanyň mekdebi (illýustrasiýa)

Türkmenistan Täjigistana mekdep gurup berer. Resmi medianyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň gurluşyk ministrligi Täjigistanyň Hatlon regionynyň Ergeş Soltanow adyndaky obasynda 540 orunlyk mekdebi gurmak boýunça halkara tender bäsdeşligini yglan edipdir.

Hatlon welaýatyTäjigistanda türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan regionydyr. Habar berlişine görä, Täjigistanda 14 müň türkmen ýaşaýar.

Türkmenistan mundan öň Orsýetiň Astrahan regionynda, Moldowanyň Gagauziýa regionynda we Owganystanda mekdep gurdy. Olaryň ählisi türkmen klasigi Magtymgulynyň adyny göterýär.

XS
SM
MD
LG