Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý Orsýetiň öz raýatlarynyň pensiýa ýaşyny artdyrmak planyna garşy proteste çagyrdy


Alekseý Nawalnyý, 14-nji iýun, 2018
Alekseý Nawalnyý, 14-nji iýun, 2018

Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý orsýetlileri hökümetiň raýatlaryň pensiýa ýaşyny artdyrmak planyna garşy çykyp, 1-nji iýulda protest bildirmäge çagyrdy.

Nawalnyý hökümetiň planyny “talaňçylyk” we raýatlara garşy jenaýat diýip atlandyrdy.

“Pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmagy [prezident Wladimir] Putin we [premier-ministr Dmitriý] Medwedew tarapyndan guramalaşdyryldy we bu hakyky jenaýatçylyk” diýip, Nawalnyý 19-njy iýunda Instagram ulgamynda çap eden maglumatynda aýtdy.

“Muňa ‘zerur reforma’ diýlip, onlarça million adamyň aňsat talanmagy ýaşyrylýar” diýip Nawalnyý belledi.

Nawalnyý öz tarapdarlarynyň Orsýetiň 20 şäherinde protest geçirmäge rugsat almak üçin häkimiýetlere ýüz tutandygyny aýtdy.

Ol protestleri tutuş ýurtda geçirmäge çagyrdy, emma 14-nji iýula çenli Dünýä çempionatynyň geçýän 11 şäherinde häzirlikçe protest geçirmek üçin arza berilmändigini belledi. Futbol boýunça halkara sport çäresiniň geçýän şäherlerinde, şol sanda Moskwada we Sankt Peterburgda demonstrasiýalar gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG