Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz premýer-ministrleriniň ýene biri korrupsiýada aýyplanyp, türmä basyldy


Öňki gyrgyz premýer-ministri Jantöre Satybaldyýew

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri öňki premýer-ministrleriň ýene birini korrupsiýada aýyplap, türmä basdylar.

Ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Jantöre Satybaldyýewiň 18-nji iýunda tussag astyna alnandygyny yglan etdi.

Prezident Almazbek Atambaýewiň döwründe 2012-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli wezipe başynda bolan Satybaldyýew Bişkegiň ýyladyş ulgamyny modernleşdirmek işlerine degişli korrupsiýa bilen baglylykda tussag edilen öňki premýer-ministrleriň ikinjisidir.

Sapar Isakow bilen Bişkegiň öňki häkimi Kubanyçbek Kulmatow 5-nji iýunda tussag edildiler. Bu korrupsiýa işi bilen baglylykda ýurduň öňki energiýa ministri Osmonbek Artykbaýew hem türmä basyldy.

2017-nji ýylyň awgustynda Atambaýew tarapyndan premýer-ministr bellenen Isakow aprel aýynda ýurduň parlamentinde ynamsyzlyk boýunça geçirilen ses berişlikden soňra hökümetiniň boşadylmagy sebäpli wezipeden çetleşdirilipdi.

Prezidentiň geňeşçisi, şeýle hem 2013-nji ýylda demirgazyk Çui regionynyň häkimi bolup işlän Kulmatow 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Bişkegiň häkimi boldy. Artykbaýew hem 2013-2014-nji ýyllar aralygynda energiýa ministri bolup işläpdi.

Öňki resmilere bildirilýän aýyplamalar 2013-nji ýylda Bişkegiň ýyladyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýola goýlan proýektden gözbaş alýar. Bularyň hemmesi şol proýekte gatnaşan adamlar. Şol wagt Isakow Atambaýewiň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasarydy.

Bu üç adama ýyladyş ulgamyny modernleşdirmek üçin potratçy saýlananda, öz wezipelerinden peýdalanyp, bir Hytaý kompaniýasynyň bähbidine iş alyp baranlykda günä bildirilýär.

Bu işde Hytaýyň TBEA kompaniýasy tenderi gazanan diýip saýlanypdy.

Kazyýet işi Bişkegiň ýyladyş ulgamynda şu ýylyň ýanwarynda bolan bir näsazlyk sebäpli ýyladyş sistemasy kesilip, müňlerçe maşgala birnäçe günläp sowukda kynçylyk çekeninden soňra gozgaldy.

Kazyýet işi Atambaýew bilen häzirki prezident Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky dartgynlygyň barha artýan mahalynda bolýar. 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçen prezident saýlawynda oruntutarlyk üçin Atambaýewiň ileri tutan öňki premýer-ministri özüniň öňki başlygy bilen soňky aýlarda oňuşman gelýär.

Konstitusiýada çäklendirilişi ýaly, alty ýyl prezidentlik möhletini tamamlan Atambaýew noýabrda wezipeden çekileninden soňra derejesi pesräk orunda bolupdy. Ýöne 31-nji martda Gyrgyzystanyň häkimiýet başyndaky Sosial demokratik partiýasyna başlyk saýlananyndan soňra Jeenbekowy dürli hadysalarda açyk tankytlap başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG