Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykandygyny aýdýar


ABŞ-nyň BMG-däli ilçisi Nikki Heýli bu geňeşiň agzalarynyň arasynda “Adam hukuklaryny yzygiderli bozujylaryň” bardygyny aýdýar.
ABŞ-nyň BMG-däli ilçisi Nikki Heýli bu geňeşiň agzalarynyň arasynda “Adam hukuklaryny yzygiderli bozujylaryň” bardygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlar özüniň, Ysraýyla garşy erjellik bilen bir taraply çemeleşilmegi we reforma zerurlygy sebäpli, BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli (Haley) 19-njy iýunda bu geňeşiň agzalarynyň arasynda, öz sözleri bilen aýdylanda, Hytaý, Kongo Demokratik respublikasy ýaly, “Adam hukuklaryny yzygiderli bozujylaryň” bardygyny, şol bir wagtda-da bu geňeşiň Wenezuela, Kuba ýaly beýleki döwletleri ýazgarmagyň hötdesinden gelmeýändigini aýtdy.

"Biz şeýle karara gelýäris, sebäbi biziň borçlarymyz munuň ýaly ikiýüzli, öz-özüne hyzmat edýän we adam hukuklarynyň üstünden gülýän guramanyň bir bölegi bolup galmaga ygtyýar bermeýär” diýip, ol aýtdy.

Ol bu geňeşiň yzygiderli ýagdaýda, öz sözleri bilen aýdylanda, “Ysraýyla garşy” çäreleri geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy. ABŞ resmileri bu geňeşiň Ysraýyla aşa kän üns berip, beýleki ýurtlardaky hukuk bozulmalaryna göz ýumýandygyny uzak wagt bäri aýdyp gelýärler.

Ysraýylyň premýer-minbistri Benjamin Netanýahu ABŞ-nyň bu hereketini “batyrgaý” diýip öwse, BMG-niň adam hukuklary başlygy Zeid Ra'ad al-Hussein ony “lapykeç ediji” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG