Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýüne geçirilen reýdden soň, ermeni generalynyň deputatlyk eldegrilmesizligi ýatyryldy


Manwel Grigorýan
Manwel Grigorýan

Howpsuzlyk agentleri öýüne reýd geçirip, uly möçberde ýarag we ermeni esgerlerine berilmeli azyk önümlerini we beýleki zatlary tapanlaryndan soň, kanun çykaryjylar, dynç alşa çykan tanymal generalyň deputatlyk eldegrilmesizligini ýatyrdylar,

19-njy iýundaky ses berişlik Manwel Grigorýanyň Eçmiadziniň töwereginde, günbatar Ermenistandaky emläginde köp möçberdäki harytlary ýygnap saklamagynyň üstünde dörän gaharly soraglaryň barha güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Goranmak ministriniň ozalky orunbasary, 1990-njy ýyllardaky Dagly-Garbag urşunyň weterany Grigorýan harbylaryň arasynda sylagly adamdy we ozalky prezident Serž Sargsýanyň Respublika partiýasynyň agzasy bolup durýar.

Generalyň öýünden tapylan zatlaryň arasynda ýaraglardan we esgerlere niýetlenen azyk önümlerinden başga, medisina enjamlary, dermanlar we içki eşikler hem bar.

XS
SM
MD
LG