Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýan komitet rus häkimiýetlerini 'pyçaklanan' redaktoryň işini derňemäge çagyrýar


Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) logosy
Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) logosy

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) rus häkimiýetlerini tussaglykda saklanylýan wagty ýara salnan blog redaktorynyň töwereginde bolup geçýän zatlary “seresap derňemäge” çagyrdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasy Aleksandr Walowyň derhal azatlyga goýberilmegi we onuň zerur bolan medisina bejergisine almagyna şert döredilmegi baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Häzir işlemeýän BlogSoçi saýtynyň esaslandyryjysy we baş redaktory Walow ýanwardan bäri kezzaplyk aýyplamasy esasynda tussaglykda saklanylýar, emma ol özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň gören medisina hasabatyna görä, ol 14-nji iýunda hassahanada ýerleşdirildi we “garnyndaky ýarasy üçin” operasiýa edildi.

Soçi şäher sudy 18-nji iýunda Walowyň gatnaşmazlygynda onuň işi boýunça diňlenişik geçirip, aýyplanýanyň tussaglyk möhletini ýene bir aý uzaltmak barada karar çykardy.

Onuň aklawçysy Aleksandr Popkow Žurnalistleri goramak baradaky komitete aýtmagyna görä, bu işiň baş derňewçisi oňa diňlenişik wagtynda öz müşderisiniň galam bilen garnyndan pyçaklap, özüne ýara salandygyny gürrüň berdi.

Aklawçy bu hadysanyň “derňelmeginiň zerurdygyny” aýtdy we “Walowyň goranyşa taýýarlanýandygyny, göwnüçökgünlige düşmändigini” sözüne goşdy.

Walow tussagda mahaly türmedäki agyr şertlerden şikaýat edip, arza ýazdy diýip, Žurnalistleri goramak bardaky komitet Popkowa salgylanyp aýtdy.

Walow Orsýetiň parlamentiniň aşaky palatasynyň agzasy Ýuriý Napsodan 300,000 rubl ($4,700) aljak bolmakda aýyplanýar.

Eger günäli tapylsa ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine garaşylýan Walow bu aýyplamany Napsonyň doganyna degişli kenar emlägi barada suratly maglumat çap edeni üçin ar alyşdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG