Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" hüjüminde azyndan 11 esger öldürildi


Goranmak ministrliginiň sözçüsi Mohammad Radmaniş
Goranmak ministrliginiň sözçüsi Mohammad Radmaniş

Owgan resmileri “Talybanyň” Oraza baýramy mynasybetli yglan eden ýaraşygy tamam bolandan soň eden ilkinji uly hüjüminde azyndan 11 esgeri öldürendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, Goranmak ministrliginiň sözçüsi Mohammad Radmaniş 20-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna öten agşam günbatardaky Badgis welaýtynyň Balamergab etrabynda bolan hüjümde 9 esgeriň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Badgis welaýatynyň gubernatory Abdul Kafoor Malikzai “Talybanyň” ir sagatlarda iki sany howpsuzlyk nokadyna hüjüm edendigini aýtdy.

Badgisiň welaýat geňeşiniň başlygy Abdul Aziz Bek bu hüjümde 30 çemesi esgeriň wepat bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol jeňçileriň arasynda hem ölenleriň bolandygyny sözüne goşdy.

“Talyban” üç günlük ýaraşygyny 17-nji iýun gijesi soňlady, Kabuldaky hökümet bolsa ýaraşygy ýene 10 gün uzaltdy.

XS
SM
MD
LG