Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň parlamenti Bakhtadzäni premýer-ministrlige tassyk etdi


Mamuka Bakhtadze
Mamuka Bakhtadze

Gürjüstanyň parlamenti maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Mamuka Bakhtadzäni ýurduň täze premýer-ministrligine tassyk etdi.

Kanun çykaryjylar 20-nji iýunda Bakhtadzäniň haýryna, şeýle-de onuň üç hepde içinde täzelemegi nieýt edinýän wagtlaýyn hökümetine 99-6 hasabynda ses berdiler.

Hökümetiň täzeden gurulmagy Gürjüstandaky liberal reformalary ilerletmek planynyň bir bölegi bolup durýar.

36 ýaşyndaky ozalky biznes ýolbaşçysy ses berişlikden öň kanun çykaryjylara Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň agzalygyny gazanmak üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG