Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Duşenbede täjik, owgan we pakistan ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmon bilen duşuşdy. Arhiw suraty
Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmon bilen duşuşdy. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Duşenbede “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahata gatnaşanda Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmon bilen duşuşdy.

Taraplar ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmäge, Aziýa demirýol koridory proýektini durmuşa geçirmäge itergi bermäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleri energetika, söwda we senagat pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdylla Abdylla bilen hem duşuşdy we olar TOPH gaz geçirijisiniň we elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy baradaky taslamabarada maslahat etdiler.

Türkmenistanyň prezidenti Duşenbede Pakistanly kärdeşi Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG