Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede söweşiji bolmakda güman edilen 14 adam tussag edildi


Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri. Arhiw suraty.

Türkiýe 24-nji iýunda geçirilmeli ählihalk saýlawlarynyň dowamynda terroristik hüjümleri planlaşdyran, “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän 14 adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Polisiýa tussag edilenleriň ählisiniň daşary ýurtlydygyny, şeýle-de olaryň anna güni irden geçirilen operasiýasynyň dowamynda ele salnandygyny habar berdi.

Planlaşdyrylan hüjümler barada maglumat berilmedi.

2015-nji we 2016-njy ýyllarda Türkiýede terroristik hüjümleriniň ençemesi amala aşyrylypdy. Ankara olaryň arkasynda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň we kürt jeňçileriniň durandygyny öňe sürüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG