Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmä höküm edilen krymly tataryň ejesi açlyk yglan etdi


Raýime Primowa

Russiýada terrorizm aýyplamalarynda türme tussaglygyna höküm edilen krym tatarynyň ejesi, oglunyň azat edilmegine çagyryp, açlyk çekmäge başlandygyny mälim etdi.

Raýime Primowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde açlyga çarşenbe güni başlandygyny aýtdy. Ol mundan öň, ogly Nuri Primowyň azat edilmegini sorap, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna arza ýollandygyny hem belledi.

Primowa bu günler diňe suw içýändigini hem sözüne goşdy.

Nuri Primow Russýanyň basyp alan Krym ýarymadasynda, ýurtda gadagan edilen ‘Hizb ut-Tahrir’ yslam toparynyň agzasy bolmakda aýyplanyp, 2016-njy ýylda tussag edilipdi.

Bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Primow özüne bildirilen aýyplamalary ret edýär.

Krym tatarlarynyň aglaba köplügi 2014-nji ýylda Russiýanyň ýarymadany basyp almagyna garşy berk çykyş edipdiler.

Halkara hukuk toparlary Moskwanyň bu hereketine garşy çykyş edýänleriň, şol sanda krym tatarlarynyň hem yzarlamalara sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG