Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen "uzaga çekmän" duşuşjaga meňzeýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo prezident Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen “uzaga çekmän duşuşjaga” meňzeýändigini aýdýar.

Ak tam 21-nji iýunda milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň indiki hepde duşuşyk ideýasyny öwrenmek üçin Moskwa sapar etjekdigini yglan etdi.

Pompeo 23-nji iýunda efire berlen MSNBC söhbetdeşliginde Trampyň öz rus kärdeşi bilen Boltonyň Moskwa saparyndan soň gaty kän uzaga goýman duşuşjakdygyny aýtdy.

Pompeo Birleşen Ştatlar “biziň ugurdaş bähbitlerimiziň bar ýerlerini tapmaga, emma biziň goramaýan ýerlerimizde amerikan bähbitlerini goramaga synanýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG